Aşgabatda Artist talk formatynda suratkeşler bilen duşuşyk geçiriler
30.09.2022 | 22:48 |1-nji oktýabrda Aşgabatda Maryly suratkeşler mekdebiniň gatnaşmagynda Artist talk formatynda duşuşyk geçiriler, onuň çäginde tomaşaçylar suratkeşlere özlerini gyzyklandyrýan soraglary bermäge, görkezilen eserler barada öz garaýyşlaryny beýan etmäge we olary awtorlary bilen jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.
Ussatlar örän gyzykly we baý döredijilik durmuşyna eýe bolup, olar höwes bilen gyzykly pursatlar we täsirli ýatlamalary bilen duşuşyga gatnaşyjylaryň hemmesi bilen paýlaşarlar. Çäräniň dowamynda, ony gurnaýjylaryň belleýşi ýaly, "gepleşikler has süýji geçer ýaly" tagamlar hem hödürlener.
Artistler bilen duşuşyk gününde myhmanlar üçin olaryň afişalaryny, suratlary we awtograflary ýerleşdirilen stikerleri satyn almaga amatly mümkinçilik dörär.
Duşuşyk 1-nji oktýabrda sagat 18:00-da "Dom 14" kafesinde (30-njy mkr, 3-nji mekdebiň gapdalynda) geçiriler.
Soňra Aşgabat şäheriniň Çeperçilik galereýasynda Maryly suratkeşler mekdebiniň eserleriniň sergisi geçiriler, serginiň resmi açylyşy 3-nji oktýabrda bolar. Çärä (+993 62) 56-33-25, (+993 65) 80-54-93 telefon belgileri arkaly ýazylyp bilersiňiz.
ORIENT news
Foto: unsplash.com