Samsung

“Ýeňme” Aşgabatda Halkara ýaşulylar gününi bellemäge çagyrýar

“Ýeňme” Aşgabatda Halkara ýaşulylar gününi bellemäge çagyrýar

1-nji oktýabr - Halkara ýaşulylar gününde “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy “Ýaşym – meniň baýlygym” atly fotosurat sergisini we başy çalaran adamlardan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda “Breýn ring”, ýagny akyl ýaryşyny geçirer.

Halkara ýaşulylar güni uly ýaşly adamlar üçin aýratyn gün. “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy sosial uýgunlaşma we ýaşuly adamlaryň birleşmegine gönükdirilen “Altyn ýaş” maksatnamasyny durmuşa geçirýär. Ýokarda agzalan çäreler bu maksatnamanyň çäginde geçiriler.

Bir-birine asla meňzemeýän otuz adam we otuz sany üýtgeşik waka her bir adamyň hakykylygyny, duýgularyny we şahsy keşbini açyp görkezýän surat sergisinde uly ýaşly adamlaryň ýüzleriniň özboluşly “çeper barlagyny” görkezer.

"Breýn ring" intellektual wiktorinasyna gatnaşmak ýaşuly adamlara durmuş tejribesini, bilim derejesini görkezmäge mümkinçilik berer.

"Ýeňme" jemgyýetçilik guramasy 1-nji oktýabr, şenbe güni Türk medeni merkezinde Görogly köçesiniň (öňki Şewçenko) 41A j. sagat 11:00-dan 13:00-a çenli dürli ýaşdaky adamlary ýakynlary we dostlary bilen bilelikde şeýle möhüm baýramçylyga gatnaşmaga hem-de mähir we hoşniýetlilik atmosferasyna garylmaga çagyrýar.

ORIENT news