Samsung

Aşgabatda TSTB-niň binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Aşgabatda TSTB-niň binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Aşgabat şäheriniň we Büzmeýin etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen bilelikde 10 oktýabrda S.Türkmenbaşy köçesiniň ugrunda ýerleşýän TSTB-niň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresiniň geçiriljekdigini habar berdi.

– Boş iş ýerleri edaralar, kärhanalar, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri tarapyndan hödürlener – diýlip, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň ýanynda şahsyýetini tassyklaýan resminama, attestat (diplom), şeýle hem, bar bolsa, zähmet depderçesi we goşmaça bilim hakynda şahadatnamalary bolmaly.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň kömegi bilen her ýyl ýurtda onlarça täze iş ýerleri döredilýär. Boş iş ýerlerini ilata hödürlemek çärelerini guramak döwürleýin häsiýete eýe bolup, raýatlara Türkmenistanyň hususy böleginde iş tapmaga mümkinçilik berýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Bagtyýarlyk etraby: 37-46-68
Berkararlyk etraby: 37-46-67
Köpetdag etraby: 92-71-70
Büzmeýin etraby: 33-07-39
TSTB-niň binasy: 22-74-07

ORIENT news