Samsung

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellediler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellediler

ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellediler diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýty habar berýär.

Gepleşiklerde türkmen-özbek haryt dolanyşygynyň ýylyň başyndan bäri 10% ýokarlanandygy bellenildi. Ýurtlar logistika ulgamynda, senagatda, oba we suw hojalygynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler.

Döwlet Baştutanlary ýurtlaryň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygy hem-de anyk mazmun bilen baýlaşandygy barada umumy pikiri aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin hormatly myhman hökmünde Özbegistanyň Samarkand şäherinde iş saparynda bolýar.

Ozal gündiz türkmen Lideri sammitiň çäklerinde HHR-niň Başlygy Si Szinpin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

ORIENT news
Foto: president.uz