Iň täze habarlar

Türkmenistan bilen HHR özara söwda dolanyşygynyň we Ýewropa ýük daşamagyň möçberini artdyrýar

14.09.2022 | 04:53 |
 Türkmenistan bilen HHR özara söwda dolanyşygynyň we Ýewropa ýük daşamagyň möçberini artdyrýar

Şu ýylyň geçen ýedi aýynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 53,4% ýokarlandy. Bu san HHP-nyň Baş gümrük gullugynyň berýän maglumatlaryna salgylanýan “China Daily” neşiriniň 12-nji sentýabrda çap edilen sanyndaky "Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary berkidýär" atly makalasynda getirildi.

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň arasynda “Bir guşak, bir ýol” taslamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ilkinji netijelerini berdi. Sebitiň ýurtlary täze maýa goýumlaryna, tehnologiýalara we bazarlara eýe boldy, şeýle hem infrastrukturasynyň, esasanam ulag we logistika ulgamlaryndaky derejesini ýokarlandyrdy diýip, - hünärmenlere salgylanýan neşir ýazýar.

Analitikleriň pikiriçe, “Bir guşak, bir ýol” taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eksportynyň ösmegine goşant goşdy, senagatynyň ösüşini kadalaşdyrdy we senagatyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşyl we sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin mümkinçilikleri açdy.

Ýüpek ýoly ykdysady guşagy ilkinji gezek 2013-nji ýylda Gazagystana bolan sapary wagtynda Hytaýyň prezidenti Si Szinpin tarapyndan teklip edildi we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bu başlangyja gatnaşan ilkinji ýurtlaryň sanyny düzdi.

Bu ýyl Hytaý bilen bäş ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär, bu döwürde, ýagny taraplaryň arasyndaky 1992-nji ýylda 460 million dollar bolan söwda dolanyşygy geçen ýyl 50 milliard dollara çenli ýokarlandy.

Diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli ýanwar aýynda geçirilen HHR-MA wirtual sammitinde Si Szinpin Hytaý bilen bäş ýurduň arasyndaky söwdanyň 2030-njy ýyla çenli 70 milliard dollara ýetjekdigini we Pekiniň bäş ýurtdan ýokary hilli harytlary import etmäge taýýardygyny, energetika we ýokary tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirjekdigini aýtdy.

Merkezi Aziýa Hytaý – Ýewropa ýük otlusynyň günbatar ugrunda esasy derwezedir. Iýul aýyna çenli 2011-nji ýylda işe girizilen bu ulag geçelgesi boýunça 57 000 gowrak otly gatnawy amala aşyryldy we bahasy 300 milliard dollara golaý 5,3 million TEU (ýigrimi fut ekwiwalent) haryt daşaldy.

Hytaýyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary akademiýasynyň hasabatyna görä, Hytaý-Ýewropa ýük otlularynyň işe girizilmegi Gazagystan bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamagyň wagtyny bäş esse gysgaltdy.

Si Szinpin ýanwar sammitinde Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna ösüş maksatnamalaryna goldaw bermek üçin 500 million dollar möçberinde kömek berjekdiini we sebitde saglyk, oba hojalygyny ösdürmek we maglumat tehnologiýasy ýaly ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak üçin seminarlara we praktikumlara gatnaşmak üçin 5000-e çenli orun hödürlejekdigini aýtdy.

Makalada Hytaýyň Merkezi Aziýa bilen depginli ösýän ykdysady gatnaşyklarynyň Sinszýanda ekspeditor kompaniýalarynyň ýüzlerçesiniň döremegine sebäp bolandygy bellenilýär.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: