Iň täze habarlar

Hytaý Halk Respublikasynyň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri dowam etdirdi

08.09.2022 | 09:25 |
 Hytaý Halk Respublikasynyň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri dowam etdirdi

HHR-nyň hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hueý çarşenbe güni ýene-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine sapar bilen geldi we şol ýerde wise-ministr Wepa Hajyýew bilen duşuşdy.

– Diplomatlar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky sebitleýin we halkara formatlardaky hyzmatdaşlyk temalaryna ünsi çekip, abraýly birleşikleriň çäginde, ilkinji nobatda BMG-nda özara gatnaşyklaryň we goldawyň oňyn tejribesini bellediler – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Li Hueý we Wepa Hajyýew mehanizmi 2020-nji ýylda esaslandyrylan “Merkezi Aziýa-Hytaý” gepleşik platformasyna netijeli platforma hökmünde baha berdiler, ol sebit ýurtlarynyň we HHR-nyň daşary işler ministrlikleri üçin möhüm iş ugruna öwrülýär we özara düşünişmäge we açyklyga ýardam edýär.

Şeýle hem, taraplar energetika, ulag, logistika, medeniýet we bilim pudaklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Ozal, ýagny sişenbe güni Hytaýyň Ýewraziýa boýunça ýörite wekili wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

ORIENT news
Süleýman Çaryýewiň düşüren suraty

Şeýle hem okaň: