Iň täze habarlar

Hytaýyň Ýewraziýa boýunça ýörite wekili Aşgabatda gepleşik geçirdi

07.09.2022 | 08:02 |
 Hytaýyň Ýewraziýa boýunça ýörite wekili Aşgabatda gepleşik geçirdi

Hytaý hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hueý sişenbe güni Aşgabatda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşik geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda: – Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy – diýlip, habar berilýär.

– Taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň sebit we global gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda ähliumumy parahatçylyk we howpsuzlyk üpjünçiligi bilen bagly meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygyny we meňzeşligini mälim etdiler – diýlip, DIM-niň habarynda bellenilýär.

ORIENT news
Süleýman Çaryýewiň düşüren suraty

Şeýle hem okaň: