TDHÇMB-niň söwdalary: BAE-niň işewürleri tehniki ýod satyn aldylar

Anna güni, 2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $2 million bolan 3 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň iki sany wekili jemi 40 tonna “A” görnüşli tehniki ýody satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Alyjylar harydyň bir tonnasyna $46,9 müň hödürlediler. Geleşikleriň umymy bahasy $1,8 million deň boldy.
BAE-niň ýene-de bir telekeçisi söwdalarda umymy bahasy $181,5 müň bolan boýalan tüýjümek önümleriniň 33 müň kg. satyn aldy.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news