Iň täze habarlar

Türkmen DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistanyň ordeni, özbek diplomatlaryna bolsa türkmen ordeni gowşuryldy

27.08.2022 | 07:03 |
 Türkmen DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistanyň ordeni, özbek diplomatlaryna bolsa türkmen ordeni gowşuryldy

Anna güni DIM-de türkmen-özbek syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry tamamlanandan soň, özbek diplomatlaryna Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny – “Galkynyş” ordenini gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Galkynyş” ordenine Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howupsyzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Baştutanynyň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili bolup durýan Abdulaziz Kamilow mynasyp boldy. Ol bu döwre çenli, 1994-2003 we 2012-2022-nji ýyllarda Özbegistanyň daşary işler ministri bolup işledi we bu wezipede türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly goşandyny goşdy.

Главе туркменского МИД вручили орден Узбекистана, узбекским дипломатам – туркменский орден

Şeýle hem “Galkynyş” ordeni Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norowa gowşuryldy.

Главе туркменского МИД вручили орден Узбекистана, узбекским дипломатам – туркменский орден

Türkmen tarapy ikitaraplaýyn özara hereketleri ösdürmekde, däp bolan hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda özbek hyzmatdaşlarynyň möhüm goşandyny belledi.

Türkmenistanyň wise-premýerine, daşary işler ministri Raşid Meredowa Özbegistan respublikasynyň döwlet sylagy -- “Dustlik” ordeni gowşuryldy.

Главе туркменского МИД вручили орден Узбекистана, узбекским дипломатам – туркменский орден

Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan “Dustlik” ordeni bilen sylaglamak baradaky Permana baryp 2021-nji ýylyň awgust aýynda gol çekildi. Ine, bu gün bolsa dostlugy, doganlygy hem-de iki halkyň wekilleriniň arasyndaky özara ylalaşygy pugtalandyrmak boýunça işlerde gazanan üstünlikleri, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşandy üçin bu sylagyň gowşurylyş dabarasyny geçirmek mümkinçiligi döredi.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: