"Türkmenfilm" Sankt-Peterburgda geçirilýän halkara kinoforumyna gatnaşar
21.08.2022 | 17:25 |Russiýa we GDA ýurtlary bilen bilelikdäki kino önümçiligi boýunça halkara maslahat 21-25-nji awgustda Sankt-Peterburgda geçiriler. Çäräniň dowamynda bilelikdäki önümçilige laýyk taslamalary saýlamak, täze zehinleri kesgitlemek, medeni gatnaşyklary goldamak we GDA ýurtlarynyň bir-birine gabat gelýän medeni we milli aýratynlyklaryny açyp görkezmek meýilleşdirilýär.
– Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda "Azerbaýjanfilm", "Belarusfilm", "Gruziýa-Film", "Gazakfilm", "Gyrgyzfilm", "Türkmenfilm", "Özbekfilm", "Täjikfilm", "Ermenfilm" studiýalarynyň, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň, Sankt-Peterburgyň Medeniýet boýunça komitetiniň wekilleri, režissýorlar, prodýuserler, kino tankytçylary bar – diýip, GDA-nyň internet portaly habar berýär.
Arzalar – doly metražly kino (dowamlylygy 70-90 minut), onlaýn platformalar üçin seriýallar, doly metražly dokumental filmler (dowamlylygy 50-90 minut), animasiýa filmleri (seriýallar we doly metražly filmler) ýaly kategoriýalar boýunça seljerildi we bahalandyryldy.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin GDA ýurtlarynyň we Gruziýanyň kinematografiýaçylarynyň işi ýa-da bu döwletleriň çäginde düşürilmeli film ýa-da GDA ýurtlarynyň we Gruziýanyň kinematografiýaçylary bilen bilelikde surata düşürilmeli eserler kabul edildi.
Işewür maksatnamanyň esasy çäreleri 23-nji awgustda geçiriler. Mariinskiý köşgünde GDA ýurtlarynyň kinostudiýalarynyň ýolbaşçylarynyň 5-nji mejlisi, şeýle hem Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, GDA ýurtlarynyň kinostudiýalary, prodýuserleri we Russiýanyň tanymal režissýorlary bilen tegelek stol geçiriler. Kärdeşler Russiýada we Arkalaşyga girýän ýurtlarda bilelikde önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini, "Kinostudiýalaryň halkara döredijilik birleşigi" guramasynyň konsepsiýasyny, halkara bazaryna girmegiň geljegini, GDA-nyň çäginde bilelikdäki distribusiýasyny we ş.m. meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Mundan başga-da, 23-nji awgustda festiwala gatnaşyjylar üçin öwredijilik häsiýetli maksatnama meýilleşdirilýär: Russiýanyň Kinematografiýaçylar Bileleşiginiň Ýaşlar Merkeziniň we Sankt-Peterburgyň Kinematografiýaçylar Bileleşiginiň Ýaşlar Merkeziniň, ROSKINO-nyň wekilleri, Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň meşhur kinorežissýorlary tarapyndan ussatlyk sapaklary geçiriler.
ORIENT news