Samsung

Eýran türkmen gazyny goňşy ýurtlara üstaşyr ibermegini giňeltmäge taýýar

Eýran türkmen gazyny goňşy ýurtlara üstaşyr ibermegini giňeltmäge taýýar

Türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana çalyşmak esasynda (swap) ibermegiň üstünlikli tejribesini göz öňünde tutup, resmi Tähran Türkmenistandan mawy ýangyjy goňşy ýurtlara üstaşyr ibermegini giňeltmäge taýýar.

Bu barada EYR-niň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safari türkmen hökümetinde ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdrahmanow bilen duşuşygynyň dowamynda beýan etdi diýip, Mehr habarlar agentligi ýazýar.

Duşuşykda iki ýurduň üstaşyr kuwwatyny amala aşyrmak üçin Eýranyň üsti bilen ýurduň Bender-Apbas we Çabahar ýaly günorta portlaryna çykmaga Türkmenistana mümkinçilik bermek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news