Türkmenistan we Özbegistan ulag aragatnaşyklaryny ýeňilleşdirer we ýük daşaýjylara amatly şert döreder
12.08.2022 | 00:40 |Özbegistan we Türkmenistan ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Sputnik Özbegistan agentligi, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar öz aralarynda harytlaryň awtoulaglar arkaly daşalmagyny doly dikeltmäge, şeýle hem, ýük daşamak üçin bildirilýän talaplary ýönekeýleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Mundan başga-da, taraplar ulag geçelgelerini ösdürmegiň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň wekilleri demir ýol infrastrukturasyny kämilleşdirmek we ýurtlaryň arasynda ýük gatnawyny artdyrmak üçin ýeňillikler bermek kararyna geldiler.
Agentlik mundan bir gün öň Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň wekilleriniň onlaýn duşuşygynyň bolup geçendigini we duşuşygyň dowamynda taraplaryň Hytaýdan Merkezi Aziýa täze ulag geçelgesini gurnamak meseleleri boýunça pikir alyşandygyny ýatladýar.
ORIENT news