Samsung

Türkmenistanda otly peteklerini onlaýn ýagdaýda gysga wagtda satyn almak – wizual görkezmeler

Türkmenistanda otly peteklerini onlaýn ýagdaýda gysga wagtda satyn almak – wizual görkezmeler

Gezelenje gitmäge hyýallandyňyzmy we çaltrak otla petek satyn almak isleýärsiňizmi? Wokzala gitmäge howlukmaň – petek kassasy indi her bir smartfonda we kompýuterde bar!

Bu gollanmada biz siziň bank kartyňyz üçin CVC koduny nädip anyklamalydygyny we railway.gov.tm internet saýtynyň üsti bilen ýa-da “Demirýollary” AGPJ ykjam telefon programasy arkaly bilet satyn almagyň ýoluny jikme-jik seljereris.

Bankomat arkaly CVC koduny anyklaýarys

Onlaýn ýagdaýda bilet satyn almak üçin size ilki bilen öz bank kartyňyzyň CVC koduny anyklanmak gerek. Eger ol size mälim bolsa, makalanyň bu bölümini geçirip, “Otly biletlerini satyn almak” bölümine geçip bilersiňiz.

Adatça, CVC kody bankdan içine kart salynyp berilýän PIN-kodly gizlin bukjanyň içinde ýa-da kartyň arka tarapynda görkezilýär. Eger bukja saklanyp galmadyk bolsa, kartyň arka ýüzünde hem hiç zat görkezilmedik bolsa, CVC koduny islendik bankomatyň üsti bilen gysga wagtda anyklamak bolar.

Ilki bilen, jübi telefonyňyzyň belgisini görkezip, bankomat menýusy arkaly SMS habarnamasyny öz kartyňyza birikdirmeli.

SMS duýduryşlaryny birikdirmegiň tertibi:

– bankomata töleg kartyny salyň,
– amatly dili saýlaň,
– PIN kody giriziň,
– "SMS hyzmatlary" bölümini saýlaň,
– "SMS hyzmatyny birikdir" elementini saýlaň,
– telefon belgiňizi 993 6# ###### görnüşinde boşluksyz we "+" belgisiz giriziň,
– indiki penjiredäki "Tassyklamak" düwmesine basyň.

Biraz wagtdan soňra siziň görkezen belgiňize hyzmatyň birikdirilendigi baradaky habar geler.

CVC koduny anyklamagyň tertibi:

– bankomata bank kartyňyzy salyň,
– amatly dili saýlaň,
– PIN kody giriziň,
– "Tölegler" bölümini saýlaň,
– "Telefon" elementini saýlaň,
– CVC-kod elementini saýlaň,
– "SMS hyzmatlary" hyzmatynyň üsti bilen siziň kartyňyza birikdirilen telefonyň belgisini 993 6# ###### görnüşinde boşluksyz we "+" belgisiz giriziň,
– indiki penjiredäki "Tassyklamak" düwmesine basyň.

Günüň dowamynda size täze CVC koduňyzy görkezýän SMS habary geler. Bankomatdan CVC koduny almak boýunça suratly görkezmeleri şu ýerden tapyp bilersiňiz.

Otla petekleri satyn almak

Türkmenistanda otly peteklerini railway.gov.tm saýty arkaly hem-de Android we iOS ulgamlary üçin taýýarlanan programmalaryň üsti bilen satyn almak mümkin. Petek satyn almak prosesi hemmesinde-de, ädimme-ädim diýen ýaly, birmeňzeş.

Saýtyň mysalynda petek satyn almak

Siz railway.gov.tm saýtynyň baş sahypasynda nireden, nirä we aýyň haýsy senesinde gitmegi meýilleşdirýändigiňizi görkezmeli.

Быстрая покупка билетов на поезд в Туркменистане онлайн

Şeýle hem, näçe ýolagça petek gerekdigini anyklamaly we diňe bir ugra petek almalymy ýa-da gidiş-gelişmi, saýlamaly.

Быстрая покупка билетов на поезд в Туркменистане онлайн

"Gözlemek" düwmesine basanyňyzdan soň, elýeterli petekleri saýlamak üçin menýu girersiňiz. Satyn almak üçin elýeterli biletler birneme tapawutlandyrylar we olary düwmäni basmak arkaly saýlap bolar.

Быстрая покупка билетов на поезд в Туркменистане онлайн

Bilet saýlanyňyzdan soň, şahsyýetiňizi tassyklaýan birnäçe maglumatlary, şol sanda pasport belgiňizi görkezmeli bolarsyňyz. Çagalar üçin bilet satyn almak üçin dogluş hakyndaky şahadatnamadan maglumatlary bermeli bolarsyňyz.

Быстрая покупка билетов на поезд в Туркменистане онлайн

Ondan soň, size otlynyň wagonynda boş ýerleri saýlamak hödürlener we petekleriň tölegini haýsy töleg ulgamy – “Altyn Asyrmy” ýa-da “Senagat Bank” arkaly amala aşyrjakdygyňyzy görkezmeli bolarsyňyz.

Быстрая покупка билетов на поезд в Туркменистане онлайн

Töleg bank karty arkaly amala aşyrylýar, onuň rekwizitleri, şol sanda kartyň belgisi, möhleti, eýesiniň ady, familiýasy, şeýle hem CVC kody (onuň anyklanyş usuly barada gollanmamyzyň başynda belläp geçipdik) intuitiw düşnükli bolan interfeýsde görkezilmelidir.

Быстрая покупка билетов на поезд в Туркменистане онлайн

Töleg tassyklanandan soň, siziň elektron poçtaňyza petegiň elektron nusgasy bolan hat ugradylar. Ony çap etmek hem, otla müneniňizde smartfon arkaly görkezmek hem bolap. Esasy zat, ýolbelet skanerden geçirende, petekde görkezilen QR kodunyň okalmagydyr.

Şowly gezelençleri arzuw edýäris!

ORIENT