Iň täze habarlar

Aşgabatda “Daşkent” seýilgähi Özbegistanyň Prezidentiniň sapary güni açylar

15.07.2022 | 17:13 |
 Aşgabatda “Daşkent” seýilgähi Özbegistanyň Prezidentiniň sapary güni açylar

Türkmen paýtagtynda gurulýan “Daşkent” seýilgähi Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana sapary gününde açylar. Bu barada penşenbe güni özbek lideri Türkmenistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça žurnalistlere habar berdi.

Mirziýoýew ozal Özbegistanyň paýtagtynda gurlan “Aşgabat” seýilgähiniň häzirki wagt şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç alýan iň söýgüli ýerleriniň birine öwrülendigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. Özbek Lideri Aşgabatdaky “Daşkent” seýilgähiniň hem şonuň ýaly iň köp gelinýän hem-de özüne çekiji ýere öwrüljekdigine ynam bildirdi.

“Daşkent” medeni we dynç alyş seýilgähiniň gurluşygyna Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň dostlugynyň, agzybirliginiň we medeni taýdan ýakynlygynyň nyşany hökmünde türkmen paýtagtynda Magtymguly şaýolunyň ugrunda 2021-nji ýylda başlanyldy.

Seýilgäh 30 müň inedördül metre golaý meýdanda ýerleşer. Onuň çäklerinde bina edilen desgalar Daşkendiň gözelliklerine meňzär. Gurluşyk işlerini “Zehinli iş” hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirýär.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: