Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň iki esse artmagyna garaşylýar
15.07.2022 | 01:35 |– Ýakyn ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwdanyň mukdary iki esse köpeler – diýlip, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň Taşkentde giňişleýin formatda geçiren gepleşikleriniň barşynda bellenip geçildi.
Söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek we bu goňşy döwletleriň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak hakynda ýokary derejede kabul edilen kararlar goşant goşmalydyr.
Taraplaryň awtoulag gurluşygy, elektrotehnika, dokma pudagy, azyk we derman senagaty, oba hojalyk ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge isleg bildirýändikleri bellenip geçildi.
– Gatnaşyklaryň durnukly pugtalandyrylmagyny üpjün etmek üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň orta möhletli Maksatnamasy kabul ediler – diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Şeýle hem, Türkmenistan bilen Özbegistan geljegi uly taslamalary öňe sürmek üçin bilelikdäki taslama ofisini döretmegi meýilleşdirýärler.
ORIENT news