Samsung

Ýaşyl tehnologiýalar Türkmenistanyň Prezidenti bilen BAE-niň Energetika ministriniň arasyndaky duşuşygyň mowzugyna öwrüldi

Ýaşyl tehnologiýalar Türkmenistanyň Prezidenti bilen BAE-niň Energetika ministriniň arasyndaky duşuşygyň mowzugyna öwrüldi

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen energiýa ulgamy ýaly strategiki ugurda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bu pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda döwlet baştutany dag-magdan we gaýtadan işleýän pudaklaryna öňdebaryjy dünýä tejribesini çekmek arkaly ýokary tehnologiýalara esaslanýan diwersifikasiýalaşdyrmaga ünsi çekdi.

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов обсудил в среду с министром энергетики и инфраструктуры ОАЭ Сухейлем Аль-Мазруи сотрудничество двух стран

BAE bilen bu ugurda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň üstünliklere beslenýändigini belläp, Prezident täze bilelikdäki taslamalar üçin geljegi uly bolan ugurlar hökmünde "ýaşyl" energiýany, günüň we ýeliň hasabyna öndürilýän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini belläp geçdi.

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов обсудил в среду с министром энергетики и инфраструктуры ОАЭ Сухейлем Аль-Мазруи сотрудничество двух стран

Ministr BAE-niň kompaniýalarynyň Türkmenistanyň energiýa we infrastruktura taslamalaryny, şeýle hem, ykdysady we maýa goýum maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ministr türkmen liderine BAE-niň baştutany Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýanyň Emirliklere sapar etmek çakylygyny gowşurdy.

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов обсудил в среду с министром энергетики и инфраструктуры ОАЭ Сухейлем Аль-Мазруи сотрудничество двух стран

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistan bilen BAE ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda “Türkmenenergo” Döwlet korporasiýasy bilen “Masdar” kompaniýasynyň arasynda bilelikdäki “Tükmen maýa goýum kompaniýasy” ÝGPJ-ni döretmek ýaly, maýa goýumlary, portlar we energetika pudagynda birnäçe Ylalaşyklara we Ähtnamalara gol çekdi.

ORIENT news