Iň täze habarlar

Türkmenistan bilen Özbegistan 451 million ABŞ dollaryna şertnama baglaşdy

14.07.2022 | 03:49 |
 Türkmenistan bilen Özbegistan 451 million ABŞ dollaryna şertnama baglaşdy

Özbegistan bilen Türkmenistan Buharada geçirilen ilkinji sebitara forumda 451 million dollarlyk maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekdi. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Gullugyň ýazmagyna görä, forum 14-15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň öňüsyrasynda geçirildi. Foruma premýer-ministriň orunbasary, Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow we Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Batyr Atdaýew gatnaşdy.

– Forumyň netijeleri boýunça jemi 451 million dollarlyk maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekildi – diýlip, Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň habarynda aýdylýar. Çäräniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi bellendi, taraplar ýakyn wagtda söwdanyň mukdaryny 2 milliard dollara ýetirmek isleglerini tassykladylar.

Bu nukdaýnazardan, “Lebap-Buhara” we “Daşoguz-Horezm” serhetýaka söwda zolaklarynyň işe girizilmegini çaltlaşdyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.

– Ulag-logistika aragatnaşyklaryny ösdürmek we iki ýurduň üstaşyr potensialyny ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrligi belleýär.

Hususan-da, 2021-nji ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda daşalýan ýükleriň göwrümi, ilkinji nobatda awtoulaglar (+1.5 esse) we demir ýol ulaglary (+3 gezek) arkaly daşalyşyň artmagynyň hasabyna 2,2 million tonna çenli ýokarlandy. – Şu nukdaýnazardan, göni we üstaşyr ýük daşama nyrhlaryny düzgünleşdirmegiň şertlerini kämilleşdirmek, şeýle hem, ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, metbugat gullugy ýazýar.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: