Türkmenistanyň Prezidenti 14-15-nji iýulda Özbegistana sapar gurar
14.07.2022 | 00:00 |– Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar – diýlip, Özbegistan Respublikasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Goňşy ýurtlaryň liderleri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşarlar. Bilelikdäki beýannamanyň kabul edilmegine we ikitaraplaýyn resminamalar bukjasyna gol çekilmegine garaşylýar.
Gepleşikleriň esasy temalary aşakdakylardan ybarat:
– özara söwdanyň göwrümini artdyrmak,
– senagat hyzmatdaşlygyny ýola goýmak,
– ulag-üstaşyr potensialyny ulanmak,
– suw dolandyryş pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek,
– sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmek,
– medeni-gumanitar alyş-çalyş.
Şeýle hem, saparyň maksatnamasynda Özbegistan Respublikasynyň mejlisinde Oliý Majlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň duşuşygyny geçirmek we Samarkand şäheriniň gözel ýerlerine baryp görmek göz öňünde tutýar.
Saparyň öňüsyrasynda Özbegistanyň paýtagtynda türkmen-özbek ylmy-amaly maslahaty geçirildi, Buhara şäherinde ilkinji sebitler forumy, Işewürler geňeşiniň mejlisi we Türkmenistanyň we Özbegistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň önümleriniň sergisi geçirilýär.
ORIENT news