Iň täze habarlar

Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary IX Hyzmatdaşlyk forumyny geçirerler

07.07.2022 | 18:17 |
 Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary IX Hyzmatdaşlyk forumyny geçirerler

“Hytaý – Merkezi Aziýa” IX Hyzmatdaşlyk forumy geljek hepdede, 12-13-nji iýulda wideomaslahat görnüşde geçiriler. Forum HHR bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar hem-de özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Çäre HHR-niň DIM-niň howandarlygynda ŞHG-niň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça hytaý komiteti tarapyndan guralýar.

Forumyň baş meselesi – “Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda umumy ajaýyp geljegiň bähbidine wehimlere garşy bilelidke hereket etmek”. Onuň çäklerinde oba hojalyk, bilim we sanly ykdysadyýet boýunça mejlisleri hem-de zenanlaryň forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bir aý mundan ozal, 8-nji iýunda, Nur-Sultanda daşary işler ministrleriniň “Hytaý – Merkezi Aziýa” görnüşde geçirilen üçünji duşuşygynyň mejlisiniň barşynda taraplar MA-nyň we HHR-niň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen onlaýn-sammitiniň dowamynda beýan eden başlangyçlaryny amala aşyrmagyň ýollaryna garadylar.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: