Paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda akyldar şahyr Magtymguly baradaky filmiň ilkinji görkezilişi bolar
07.07.2022 | 18:05 |8-nji iýulda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda türkmen kinorežissýory Arslan Eýeberdiýewiň düşüren “Istärin” atly täze çeper filminiň ilkinji gezek görkezilişi bolar. Şondan biraz soň bolsa, kinofilm türkmen milli telewideniýesiniň ýaýlymlarynda görkeziler.
Beýik türkmen akyldar şahyry Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan film Türkmenistanda her ýyl bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylyp çykaryldy.
Tomaşaçylar kinofilmde dessine iki eýýamyň jümmüşine: mekdepde taryh dersi geçilýän ХХ asyryň 50-nji ýyllaryna hem-de ýaş mugallymyň wagt giňişligi arkaly okuwçylary alyp gidýän – Magtymgulynyň ýaşan we döreden XVIII asyryna aralaşarlar.
Häzir täze kinoeseri iňlis we rus dillerine terjime edilýär. Munuň özi täze filme halkara kinofestiwallaryna gatnaşmaga mümkinçilik berer.
Tomaşaçylara häzirki döwrüň kinematografiýa mekdebiniň eserini görmek gyzykly bolar. Alty Garlyýewiň adybir “Magtymguly” atly ilkinji çeper filmi “Türkmenfilm” kinostudiýasynda 1968-nji ýylda, 55 ýyla golaý mundan ozal düşürilipdi.
Kino “Aşgabat” kinoteatrynda 11:00-da başlanýar.
ORIENT news