VII Hazar sammiti Eýranda geçiriler

Ýedinji Hazar sammiti Eýran Yslam Respublikasynda ylalaşylan wagtda geçiriler. Bu barada çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitiniň Jarnamasynda aýdylýar.
Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdy.
Dostlukly we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşykda Prezidentler Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle hem, taraplaryň gyzyklanma bildirýän derwaýys halkara we sebitara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezidentler Aşgabat (2002), Tähran (2007), Baku (2010), Astrahan (2014) we Aktau (2018) şäherlerinde geçirilen Hazar sammitleriniň çözgütleriniň ähmiýetini we olaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap geçdiler.
ORIENT news