Artik & Asti, Emin Agalarow, Dr. Alban we beýleki estrada ýyldyzlary türkmen konsert meýdançasynda çykyş ederler
28.06.2022 | 23:02 |Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşen “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada daşary ýurt estradasynyň meşhurlary we şowhunly dabaralar äleminiň rus ýyldyzlary uly konsert bererler.
Gelip çykyşy Senegaldan bolan amerikaly reper Akon, şwesiýaly sazanda Dr.Alban, meşhur türk aýdymçysy Demet Akalyn, Tunisiň aýdymçysy Amani Suissi, şeýle hem azerbaýjanly hem-de rus aýdymçy we sazanda hem-de pop-duet Artik & Asti ýaly görnükli aýdymçylar we sazandalar ilkinji gezek türkmen konsert meýdançasynda çykyş ederler.
“Ýyldyzly toparyň” çykyşy iki gün – 28-nji iýunda 20:00-da , 29-njy iýunda bolsa – 15:00-da geçiriler. Tomaşa etmäge gelmek – erkin.
ORIENT news