Iň täze habarlar

Medeniýet hepdeligi-2023 Aşgabatda geçiriler

27.06.2022 | 22:22 |
 Medeniýet hepdeligi-2023 Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Türkmenistanyň paýtagty – Aşgabat şäherinde geçirmek hakynda karara gol çekdi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Hepdeligiň çäklerinde çäreler 2023-nji ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda geçiriler. Olary taýýarlamak bilen ýörite guramaçylyk topary meşgullanar.

Medeniýet hepdeligini guramak we KHBS-nde beýan etmek Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, TDH döwlet habarlar agentligine hem-de Aşgabat şäher häkimligine tabşyryldy.

Medeniýet hepdeligi her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň baýram edilmäginiň öňýanynda, Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda we şäherlerinde geçirilýär.

Şu ýyl Mary welaýatynda geçirilýän bu baýram döredijilik işgärlerini höweslendirmäge, olaryň eserleriniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermäge hem-de türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň şöhratyny artdyrmak ugrunda awtorlary höweslendirmäge gönükdirilendir.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: