Türkmenistanyň Baş drama teatry akademiki hukuk derejesini aldy
25.06.2022 | 05:17 |Türkmenistanyň Baş drama teatryna akademiki derejesi berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Resminamanyň taslamasy medeniýet boýynça wise-premýer Mährijemal Mämmedowa tarapyndan hödürlendi.
Türkmenistan aprel aýynda teatrlara "Milli" we "Akademiki" hukuk derejeleri bermek barada täze düzgün kabul etdi.
Bu bolsa teatrlaryň döredijilik işjeňliginiň artdyrylmagyna, spektakllaryň çeperçilik gymmatynyň we olaryň jemgyýetçilik-ruhy ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagyna höweslendirer.
Düzgünnama Türkmenistanyň “Teatr we teatr işi barada” kanunynyň 19-njy maddasy esasynda taýýarlanyldy, oňa laýyklykda, “akademiki” derejesi öz ulgamynda öňdebaryjy bolup, milli medeniýetiň, sungat görnüşleriniň taryhy, ösüşi we wagyz işlerine bolan taýsyz goşandy üçin döwlet medeniýet edaralaryna, aýratyn hünär çeperçilik we döredijilik toparlaryna berilýär.
Milli medeniýeti ösdürmek bilen baglanyşykly ajaýyp üstünlikler üçin teatryň döredijilik toparyna, teatr guramasyna "Milli" derejesi berlip bilner.
ORIENT news