Samsung

Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleri Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň sammitini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleri Hazarýaka döwletleriň  baştutanlarynyň sammitini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleri duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlikde Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, Raşid Meredow we Hoseýn Amir Abdollahiýan ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilişine we käbir sebit meselelerine seredip geçdiler.

– Abdollahiýan iki ýurduň Prezidentleriniň ýakynda Tähranda geçirilen duşuşygyny Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli giňelmegine tarap öwrüm pursaty diýip atlandyrdy. Eýranyň Daşary işler ministri Eýranyň baglaşylan şertnamalaryň ählisini ýerine ýetirmäge taýýardygyny mälim etdi – diýip, EYR-nyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

Eýranyň Daşary işler ministri Eýranyň Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň sammitiniň Aşgabatda geçirilmegini goldaýandygyny aýtdy.

Raşid Meredow hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Tährana saparyny gurandygy üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi we bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze babynyň başy diýip atlandyrdy.

Meredow ministrleriň, edaralaryň we hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň iki ýurduň Prezidentleriniň duşuşygynda gazanylan şertnamalary iş ýüzüne geçirmek üçin eýranly kärdeşleri bilen duşuşmaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri döwlet baştutanynyň adyndan Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisini ýene bir gezek Aşgabatda geçiriljek Hazar sammitine çagyrdy.

Türkmenistan Hazarýaka döwletleriň sammitini ikinji sapar kabul edýär. Ilkinji gezek ol Aşgabatda 2002-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde geçirilipdi. Şondan bäri Hazarýaka döwletleriň Prezidentleri ýene dört gezek duşuşdy.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda (Gazagystan) Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň liderleri Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekdiler. Oňa laýyklykda, Hazaryň esasy suwüsti meýdany taraplaryň umumy ulanylyşynda, düýbi we ýerasty baýlyklary bolsa, goňşy döwletleriň ylalaşmagy boýunça halkara hukugynyň kadalary esasynda bölünýär.

ORIENT news