Samsung

Gazagystan Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Türkiýä ýük otlusyny iberýär

Gazagystan Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Türkiýä ýük otlusyny iberýär

Gazagystanyň kükürdi ýüklenen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ilkinji konteýner otlusy Tährana geldi. Häzirki wagtda ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýranyň paýtagtyna amala aşyran saparyndan birnäçe gün soň sapar bilen baran Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bar.

Ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak temasy Eýranyň Prezidenti Raisiniň şu ýekşenbede Tokaýew bilen we geçen hepdede Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň esasy temalarynyň biri boldy. Hususan-da, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly barada gürrüň edildi.

Gazagystanyň ýük otlusyny Eýrandan Türkiýä ugratmak dabarasyna Tokaýew we Raisi onlaýn ýagdaýda gatnaşdylar.

15-nji iýunda Gazagystandan ýola düşen synag otlusy Etrek bekedinde teker jübütlerini Eýranyň dar polat ýollaryna laýyk teker jübütlerine çalşyp, şenbe güni irden türkmen-eýran serhetini kesip geçdi. Tiz wagtdan ol Tährana baryp ýetdi, ol ýerden bolsa Türkiýä ugrar (soňra ýüki Ýewropa ugratmak göz öňünde tutulýar). Otly kükürt ýüklenen 48 sany 20-futluk konteýnerli 24 platformadan ybarat.

Казахстан запускает грузовой поезд через Туркменистан и Иран в Турцию

Bu ugur boýunça yzygiderli gatnawyň ýola goýulmagy Hytaý bilen Ýewropany birikdirmekde möhüm baglaýjy orna eýe boljak Merkezi Aziýa-Türkiýe ulag geçelgesini yklym logistikasyna goşmaga mümkinçilik berer.

12 günlük ýoluň uzynlygy 6,336 kilometr bolup, onuň 3,185 kilometri Gazagystanyň, 700 kilometri Türkmenistanyň, 1,517 kilometri Eýranyň we 934 kilometri Türkiýäniň üstünden geçýär.

ORIENT news