Türkmenistan öz elektrik energiýasyny Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara ibermegi teklip edýär

Türkmenistan Eýranyň energiýa ulgamy arkaly türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlara ibermäge başlamagy teklip edýär. Bu barada Tähranda çarşenbe güni hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň Prezidentleriniň gepleşikleriniň barşynda aýdyldy.
Türkmenistan we Eýran tarapyndan tebigy gazy çalşyp ibermek babatdaky iş tejribesi eýýäm ulanylýar. Şunda Türkmenistan tebigy gazyny Eýrana, Eýran bolsa Azerbaýjana uberýär. Şunuň bilen baglylykda, gepleşiklerde çalşyp ibermek arkaly beýleki bazarlara täze eksport ugurlaryny açmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Tährandaky duşuşyklaryň dowamynda eýran tarapynyň Türkmenistanyň ozal iberen gazy üçin bergisiniň tölenilmegi boýunça işleriň alnyp barylýandygy hem-de bu meseläniň çözüljekdigi bellenildi.
ORIENT news