Iň täze habarlar

Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary ulag babatda özara gatnaşyklaryny giňeltmegi ylalaşdylar

10.06.2022 | 18:56 |
 Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary ulag babatda özara gatnaşyklaryny giňeltmegi ylalaşdylar

2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Nur-Sultan şäherinde daşary işler ministrleriniň “Hytaý-Merkezi Aziýa” görnüşinde üçünji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda “Hytaý+Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy” özara baglanyşygy we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyç” kabul edildi.

Resminamanyň esasy mazmuny – ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk. Hususan-da, taraplar serhetüsti demirýol gatnawlarynyň artykmaçlyklaryny doly derejede ulanmagy maksat edinýärler. Şu babatda, ýükleriň möçberini hem-de demirýollaryň we stansiýalaryň geçirijilik ukybyny artdyrmak, infrastrukturany hem-de hereket ediş düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri görmek meýilleşdirildi.

Resminamada Hytaýyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda konteýnerler arkaly ýük daşamalar hakynda ylalaşyga gol çekmegiň mümkinçiligi aýratyn bellenilýär.

Ministrler Türkemnbaşy we Aktau ýaly deňiz portlarynyň üstaşyr-ulag kuwwatyny işjeň ösdürmegiň, halkara awtomobil gatnawlar bilen baglanyşykly resminamalary, amallary we talaplary ýönekeýleşdirmegiň zerurdygyny ylalaşdylar.

Şeýle hem resminamada ýokanç keseli ýagdaýlar bilen baglylykda, Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň iri şäherleriniň arasynda göni ýolagçy gatnawlarynyň kem-kemden täzeden açyljakdygy aýdylýar. Hytaý bolsa Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ýokanjyň öňüni almak we onuň garşysyna raýat awiasiýasynda göreşmek boýunça okuwlary geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Şunuň bien bir hatarda, diplomatlar Hytaý bilen MA ýurtlarynyň arasynda howa arkaly gatnawlaryň täze ugurlaryny açmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi ylalaşdylar.

Ýokanç keseliniň ýaýraýşy bilen baglykykda, ýurtlar wiza we gelip-gitmek syýasatyna üýtgeşme girizerler, wiza almagyň amallaryny ýönekeýleşdirerler, harytlary gümrükde resmileşdirmegiň tertibini has amatly ýagdaýa getirerler hem-de adamlaryň we harytlaryň ondan oňa has işjeň hem-de päsgelçiliksiz hereket etmegine ýardam bererler.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: