Iň täze habarlar

Türkmenistan Özbegistana barýan ýükleriň üstaşyr geçmegine rugsat berdi

08.06.2022 | 22:48 |
 Türkmenistan Özbegistana barýan ýükleriň üstaşyr geçmegine rugsat berdi

Iýun aýynyň 1-inden Özbegistanyň we beýleki daşary ýurtlaryň ulag serişdelerine Türkmenistanyň üsti bilen haryt daşamaga rugsat berilýär. Bu barada Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýurduň ulag ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, habar berýär.

Bu ugur Özbegistan bilen araçäkde ýerleşen “Farap” (“Alat” barlag-goýberiş nokady) we Eýran bilen araçäkde ýerleşen “Sarahs” barlag-goýberiş nokatlarynyň üstünden geçýär.

Ýük ulaglary Özbegistan bilen Eýranyň serhedinden 1 kilometr uzaklykda ulag kerwenine düzülip, Türkmenistanyň çäginden geçerler. Kerwen irden 08:00-da düzülip başlanar.

Ulag kerwenine ýol polisiýasy ýoldaş bolar. Sürüjileriň dynç almagy, awtoulaglara ýangyç guýmak we tehniki hyzmatlar üçin ýörite duralgalar göz öňünde tutulandyr. Hereket wagtynda häsazlyk ýa-da başga mesele ýüze çykan ýagdaýynda, awtoulag kerwenden çykarylar. Hukuk goraýjy edaralar “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen bilelikde meseläni çözmekde sürüjä amaly kömek bererler.

Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek üçin talaplaryň we şertleriň başga-da birnäçesini berjaý etmek zerur.

Sürüjiler Türkmenistanyň serhedinden üstaşyr geçmek üçin we ýörite arassaçylyk işlerini geçirmek üçin zerur bolan resminamalary tabşyrmaly. Ulag serişdelerinde arassaçylyk işleri geçirilmeli.

Serhetden geçilende, COVID-19 üçin PCR testiň netijelerini (72 sagatdan geçmedik) ýa-da koronowirusa garşy sanjym kepilnamasyny (soňky sanjym edilen gününden başlap, azyndan 42 gün) görkezmeli. Şeýle-de, postda COVID-19 üçin ekspress-synagdan geçmeli.

Nury AMANOW

Şeýle hem okaň: