Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy MA ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar

06.06.2022 | 20:27 |
 Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy MA ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň üçünji duşuşygynyň işine gatnaşmak üçin Gazagystana ugrar.

DIM-iň ýolbaşçysyny iş saparyna ibermek baradaky Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi diýip, şu gün Türkmenistanyň resmi metbugaty ýazýar

MA ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy 7-8-nji iýunda Nur-Sultanda geçiriler.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: