Iň täze habarlar

Rasul Gylyjowyň orkestriniň gatnaşmagynda Çipollinonyň başdan geçirmeleri

06.06.2022 | 20:17 |
 Rasul Gylyjowyň orkestriniň gatnaşmagynda Çipollinonyň başdan geçirmeleri

Italýan ýazyjysy Janni Rodariniň “Çipollinonyň başdan geçirmeleri” atly ertekisi türkmen sahnasynda ýene bir gezek janlandyryldy. Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Karen Haçaturýanyň sazyna goýlan sahna eseriniň “Orkestrli erteki” atly täzelenen görnüşi bilen çykyş etdi.

Приключения Чиполлино с оркестром Расула Клычева

Batyr we şadyýan sogan-oglanjyk dynç güni Aşgabatdaky Mukamlar köşgüne ýygnanan ýaş tomaşaçylaryň simfoniki saz dünýäsine aralaşmagynda ýol görkeziji boldy.

Приключения Чиполлино с оркестром Расула Клычева

Konsertiň bezegleri gum animasiýasy bilen gezekleşýän film-baletden alnan böleklerden düzülipdir. Çagalar ajaýyp ertekiniň uly ekranda görkezilýän şekilli görnüşlerine tomaşa eden bolsa, ulular dirižýoryň edýän her bir hereketini gözden salman, orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan sazy lezzet bilen diňlediler.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: