Iň täze habarlar

Daşoguzda geçirilen maslahatda sebitiň taryhy ýadygärlikleriniň orny ara alnyp maslahatlaşyldy

05.06.2022 | 16:05 |
 Daşoguzda geçirilen maslahatda sebitiň taryhy ýadygärlikleriniň orny ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde “Daşoguz welaýatynyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy maslahat geçirildi.

4-nji iýunda welaýatyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde alymlar, bilermenler, Türkmenistanyň taryny ýadygärliklerini we olaryň halkara medeni giňişligindäki ornuny öwrenýän hünärmenler ýygnandy. Okuw maslahatynyň işine wideoaragatnaşyk arkaly daşary ýurtly ylmy toparlaryň wekilleri goşuldylar.

Umumy mejlisiň başlanmazyndan öň, maslahata gatnaşyjylar ülkäni öwreniş muzeýinde ýörite gurnalan taryhy mowzukly sergä baryp gördüler. Mejlis Türkmenistanyň ýadygärliklerini goramak boýunça bölümiň hünärmenleriniň üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlan “Köneürgenjiň binagärlik mirasy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen açyldy.Ylmy maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary Daşoguz welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler barada gürrüň berýän wideogörnüşler bilen baýlaşdyryldy.

Soňra maslahata gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Köneürgenç” döwlet medeni-taryhy goraghanasyna bardylar.

Государственный архитектурный заповедник Куняургенч

VIII asyryň ortalarynda bu şäher Horezm döwletiniň gadymy paýtagty we göwrümi boýunça ol Buhara şäherinden soň ikinji orunda bolupdyr.

Açyk asmanyň aşagynda geçen mejlis gadymy taryhy ýadygärlikleriň biri bolan “Kerwensaraý” ýadygärligine baryp görmek bilen dowam etdi. Häzirki wagtda bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan ýurduň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak boýunça 2022-2028-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň çäklerinde arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilýär.

Açyk meýdandaky okuw maslahaty welaýatyň Görogly etrabynda ýerleşýän gadymy Yzmykşir galasynda dowam etdi. Bilermenler bu ýerde alnyp barylýan dikeldiş işleri bilen jikme-jik tanyşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň we gözel ýerleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we olaryň halkara syýahatçylyk ugruna girizilmek mümkinçiligi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de, alymlar Görogly etrabynda ýerleşýän Zamahşarynyň mawzoleýine, orta asyrlar taryhy ýadygärligi bolan Ysmamyt ata binagärlik toplumyna zyýarat etdiler.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: