Iň täze habarlar

Koreýa Respublikasynda türkmen sungat işgärleriniň döredijilik konserti geçirildi

31.05.2022 | 03:21 |
 Koreýa Respublikasynda türkmen sungat işgärleriniň döredijilik konserti geçirildi

2022-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Seul şäheriniň merkezinde ýerleşýän Banpo Hangaň seýilgähinde meşhur türkmen sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde milli aýdymlarynyň wideo şekilleri görkezildi.

Туркменские песни звучали в сеульском парке «Фонтан радуги»

Döredijilik konsertde özüne çekiji türkmen aýdymlary iki dostlukly — Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynda ýatdan çykmajak agşamy boldy.

“Arkadag”, “Türkmenistan”, “Arkadagly Serdarym” ýaly watançylyk aýdymlary ajaýyp baýramçylyk çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini, beýik döredijilik ruhuny şöhratlandyrdy.

Туркменские песни звучали в сеульском парке «Фонтан радуги»

Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Arkadagly Serdar geldi”, “Nar agajy”, “Türkmen alabaýy”, “Söýýän diý”, “Kalbym şeýda”, “Maýagözel”, “Aramyza düşmesin”, “Saz eýle” we “Küşdepdi” diýen aýdymlar baýramçylyk dabarasyny bezedi. Olaryň çykyşlaryny diňleýjiler şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Bu ajaýyp döredijilik konserti koreý halkyna Türkmenistan barada içgin öwrenmäge mümkinçilik berdi, şeýle hem dünýä ýurtlarynyň arasynda medeni diplomatiýany ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynanýarys.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: