Iň täze habarlar

“Türkmenhimiýa” Özbegistandan mineral dökünleri we himiki önümleri satyn alar

28.05.2022 | 07:17 |
 “Türkmenhimiýa” Özbegistandan mineral dökünleri we himiki önümleri satyn alar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Türkmenistana mineral dökünleri we himiki önümleri getirmek üçin Özbegistanyň “Uzkimyoimpeks” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar – diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty ýazýar.

– Önüm Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň we “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin satyn alnar – diýip, wise-premýer Çarymyrat Pürçekow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy.

Ozal Türkmenistan 2021-nji ýylyň pagta hasyly ýetişdirilen ekin meýdanlaryny iýmitlendirmek üçin “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetinden 140 müň tonna ammiak selitrasyny satyn alypdy.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: