Iň täze habarlar

Döwlet Baştutanymyzyň mähriban käbesi «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy

27.05.2022 | 20:53 |
 Döwlet Baştutanymyzyň mähriban käbesi «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Türkmen parlamentiniň bu baradaky degişli karary şu gün resmi metbugatda çap edildi.

Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge mynasyp goşant goşdy diýlip, resminamada aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň mähriban käbesi uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezen ussat halyçy hökmünde uly abraýa eýe boldy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň dürli kärhanalarynda zähmet çekýän halyçy gelin-gyzlaryň 11-sine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly atlary dakmak hakyndaky Permana maý aýynyň ahyrky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň öňýanynda gol çekildi.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: