Samsung

“Ak şäherim Aşgabat” – gelejek üçin köpugurly mümkinçilik

“Ak şäherim Aşgabat” – gelejek üçin köpugurly mümkinçilik

Çarşenbe güni paýtagtymyzda açylan “Ak şäherim Aşgabat” sergisi “köpugurly” derejesine eýe bolmagy tötänden däldir. Onda şäheriň meýilleşdirilmegine we ösüşine degişli hemme zat: ýaşaýyş jaýlarynyň we ýollaryň nämelerden gurulýandygyna hem-de olaryň neneňsi enjamlaşdyrylýandygyna, durmuş we gurşaw babatda ýaşaýyş üçin amatly ýagdaýlaryň nädip döredilýändigine degişli ähli zatlar görkezilýär.

Ençeme pudaklaýyn sergiler, däp boýunça, ugurdaş harytlaryny, enjamlaryny we wizual serişdelerini görkezmäge ähmiýet berýän bolsa, “Ak şäherim Aşgabat” gözden geçirilişi örän köpdürli önümleri hem-de birnäçe ugurlaryň özara baglanyşykly taslamalaryny olaryň bir-biri bilen we sergä gelýän adamlar göniden-göni arabaglanyşygynda görkezip, şäherlerimiziň häzirki döwrüň ösüşiniň, şäherleşmegiň, sanlylaşdyrmagyň, ekologiýa üns bermegiň eşretleri bilen birlikde, olaryň geljegi barada pikir ýöretmäge itergi berýär.

Şu babatda importuň ornuny tutýan önümleriň gerimini giňeldýän ýurdumyzyň telekeçiliginiň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi. Ýöne, şeýle-de bolsa, serginiň baş maksady şähergurluşygynyň gazananlaryny we geljegini hem-de hökümet edaralarynyň we işewürleriň, ykdysatçylaryň we kompýuter programmalaryny düzüjileriň, dizaýnerleriň we işçileriň, şeýle hem şäheriň öz ýaşaýjylarynyň bilelikdäki tagallalary arkaly çözülip bilinýän möhüm wezipeleri görkezmekden ybaratdyr.

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

Белый город Ашхабад

ORIENT news