Iň täze habarlar

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” seýilgähi çagalaryň konsertine çagyrýar

26.05.2022 | 06:07 |
 Paýtagtymyzyň “Aşgabat” seýilgähi çagalaryň konsertine çagyrýar

Şäherlileriň dynç alýan söýgüli ýeri bolan, esasan, “Birinji park” diýlip tanalýan paýtagtymyzyň “Aşgabat” seýilgähinde – 27-nji maýda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanylan konsert geçiriler.

Çagalar baýramynyň maksatnamasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde söýgüli multfilmlerden we başdan geçirmeler baradaky filmlerden meşhur aýdymlar bolar. Orkestriň sazynyň ýaňlanmagynda tans toparlary hem-de beýleki artisler ajaýyp çykyşlary bilen begendirerler.

Guramaçylar çagalar üçin aýdym-sazly ýumuşlary bolan dynç alyş oýunlaryny, dürli ugurlara degişli sowal-jogaply bäsleşikleri hem-de özüne çekiji karaoke-ýaryşlaryny meýilleşdirdiler.

Столичный парк «Ашхабад» приглашает на детский концерт

Çagalaryň-da, ata-eneleriň-de içi gysmaz. Şäheriň amatly “Aşgabat” seýilgähi bu ýere gelýänleri güýmenjeleri bilen hemişe özüne çekip gelýär: ýaşlar surata düşülýän owadan ýerleri halaýarlar, olar bu ýerlere ýadygärlik surata düşmek üçin gelýärler, gadymy äpet jandarlaryň şekilleri oturdylan dinozawrlaryň orun tutan künjegi hemişe köp adamly, işjeň dynç almagy halaýanlar bolsa, attraksionlara we hiňňilliklere barýarlar ýa-da welosipedlerde, skeýtbordlarda hem-de ýörite gurnalan meýdançada aşagy tigirçekli roliklerde aýlanýarlar.

Baýramçylyk dabaralary we köpçülikleýin gezelençler 17:00-da başlanar.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: