Iň täze habarlar

Ahal welaýatynda Akhan atly meşhur ahalteke bedewiniň hormatyna ýadygärlik bina ediler

24.05.2022 | 00:29 |
 Ahal welaýatynda Akhan atly meşhur ahalteke bedewiniň hormatyna ýadygärlik bina ediler

– Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi meşhur ahalteke bedewi Akhanyň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň gurluşyk-taslama işlerini ýerine ýtirmek üçin hususy kärhana bilen şertnama baglaşar – diýip, şu gün Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Akhan atly bedew 2018-nji ýylda Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmek bilen meşhurlyk gazandy. Ol 10 metr aralygy çarpaýa galyp, bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi başardy. 2017-nji ýylda Akhan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Şonda Akhana atlanan çapyksuwar Aziada-2017-niň alawyny ýakdy.

Ýadygärligiň taslama we gurluşyk işlerini ozal Aşgabatda “Welosiped” binasyny, “Jahan” döredijilik merkezini we beýleki binalary guran “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy ýerine ýetirer.

Binanyň gurluşygy 2022-nji ýylyň maý aýynda başlanyp, dekabr aýynda tamamlanar.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: