Iň täze habarlar

Türkmenistan Hytaýa gazyň iberilişini bir ýarym esse artdyrdy

21.05.2022 | 22:47 |
 Türkmenistan Hytaýa gazyň iberilişini bir ýarym esse artdyrdy

Туркменистан 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Hytaýa tebigy gazyň eksport edilişini pul görnüşinde 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,53 esse artdyrdy diýip, HHR-niň Baş gümrük müdirligine salgylanmak bilen, TASS ýazýar.

Dört aýda Hytaýa $2,87 milliard türkmen mawy ýangyjy eksporta ugradyldy. Bu bolsa bu ýurda turbageçiriji arkaly iri gaz iberiji hökmünde Aşgabadyň derejesini pugtalandyrdy.

Gaz geçiriji arkaly HHR-a gazy ibermek boýunça ikinj otunda Russiýa ($1,04 milliard), üçünji orunda – Mýanma ($405,1 million), dördünji orunda – Gazagystan ($270,6 million), bäşinji orunda – Özbegistan (132,8 million) durýar. RF şu ýylyň dört aýynda Hytaýa gazyň iberilişini 2,67 esse artdyrdy.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: