Iň täze habarlar

Türkmenistan Eýranyň ýük awtoulaglaryna Özbegistana çenli öz çäginden geçmäge rugsat berer

21.05.2022 | 18:07 |
 Türkmenistan Eýranyň ýük awtoulaglaryna Özbegistana çenli öz çäginden geçmäge rugsat berer

1-nji iýundan başlap, eýranly ýük daşaýjylar Türkmenistanyň gury ýerüsti çägi boýunça Sarahs-Farap-Sarahs ugry bilen Özbegistana çenli gatnap bilerler. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň saýtynda ýerleşdirilen bildirişde habar berilýär.

Ozal Eýrandan gelýän ýük awtoulaglary Türkmenistanyň çägine Inçe Burnuň üsti bilen geçip bilýärdiler, ol ýerde ýükleri eltilmeli nokadyna ýetirmek üçin harytlary türkmen awtoulaglaryna geçirýärdiler.

Geljek aýdan başlap, Eýranyň ýük awtoulaglary we olaryň sürüjileri, zerur bolan talaplaryň sanawyny (birnäçesini) ýerine ýetirmek bilen, Türkmenistanyň çäginden geçip bilerler.

грузоперевозчики из Ирана смогут добираться до границы с Узбекистаном через сухопутную территорию Туркменистана

Rugsat “Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmak we halkara ýük gatnawlarynyň göwrümini artdyrmak maksady bilen” beriler.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: