Iň täze habarlar

Türkmen pianinoçysy Halkara saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

19.05.2022 | 05:18 |
 Türkmen pianinoçysy Halkara saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ýaş pianinoçy Aýnur Otuzowa Ýozef Gaýdnyň doglan gününiň 290-ýyllygyna bagyşlanan ”Nusgawydan häzirkizamana çenli”atly Halkara instrumental ýerineýetirijilik festiwal-bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Maý aýynyň 6-syndan 12-si aralygynda onlaýn görnüşde geçen bäsleşigiň guramaçysy bolup “Üstünligiň açary” Halkara sungat merkezi çykyş etdi. 15 ýaşly Aýnur I derejeli laureat adyna mynasyp boldy. Onuň bäsleşik kompozisiýasy hatda tejribeli sazandalaryň we ýerine ýetirijileriň arasynda-da çylşyrymly eser hasaplanýan Sergeý Rahmaninowyň "Prelýudiýa sol-minorydyr".

Aýnuryň fortepianoda ýerine ýetiren ajaýyp sazynyň bir bölegini You Tube kanalynyň tomaşaçylarynyň millionlarçasy diňledi. Bäsleşigiň guramaçylary bu kanala ýeňijileriň we iň gowy gatnaşyjylaryň çykyşlaryndan gysgajyk wideoklipleri ýükleýärler. Aýnuryň saz sungatynyň gadyr-gymmatyny bilýän muşdaklaryndan ybarat janköýerler kluby döredi. Olar ýaş pianinoça minnetdarlyklaryny bildirmek bilen, konsert meýdançalarynda täze ýeňişleri we üstünlikleri arzuwlaýan seslenmeleri ugratdylar.

Туркменская пианистка стала победителем Международного музыкального конкурса

Konsertler barada aýdanymyzda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aýnur Otuzowany ýurdumyzyň tanymal artistleri we sazandalary bilen bilelikde bir sahnada çykyş etmäge çagyrýarlar. Bu ýaşda bular ýaly derejä hemme mynasyp bolaýanok. Eýýäm häzirden Aýnur konserwatoriýa programmasyny (maksatnamasyny) we dünýä klassikleriniň (nusgawy awtorlarynyň) çylşyrymly eserlerini ýerine ýetirýär.

Туркменская пианистка стала победителем Международного музыкального конкурса

15 ýaşyndaky türkmen okuwçysy dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda GDA döwletlerinden zehinli sazandalaryň ýeňişe dalaşgärlik edýän abraýly saz bäsleşikleriniň dördüsiniň ýeňijisidir.

Elbetde, zehin – dogabitdi berilýän serpaý, onsuz saz äleminde üstünlige ýetmek kyn (asla mümkin däl). Ýöne, tejribeli mugallymyň bolmasa, tutanýerli zähmet we sabyr-kanagat bolmasa, kämillige barýan ýoly asla geçip bolmaýar.

Туркменская пианистка стала победителем Международного музыкального конкурса

Sazçylyk mekdebinde Aýnura 6 ýaşyndan bäri sapak berýän mugallym Jeýhun Babaýew öz okuwçysyna guwanýar. Pianinoçy gyzyň her bir ýeňşi – mugallymyň şahsy üstünligi. Mugallymçylyk işine 15 ýyldan gowrak wagtyny bagş eden halypa konserwatoriýada Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aleksandr Starikow, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Kazan Konserwatoriýasynyň professory Wladimir Mkrtumow ýaly türkmen fortepiano mekdebiniň görnükli wekilleriniň elinde tälim alýar.

Türkmen sazçylyk mekdebiniň we häzirkizaman ýerineýetirijilik sungatynyň kämil ýoluny (däplerini) indi Jeýhun Babaýewiň okuwçylary dowam edýär, olaryň köpüsi Halkara saz bäsleşikleriniň laureatlary.

Туркменская пианистка стала победителем Международного музыкального конкурса

Ýaşajyk Aýnur barada – zehinli adam hemme yerde bellidir – diýmek bolar. Onuň surat çekişem, edil fortepiano çalşy ýaly, ajaýyp. Ata-enesiniň çeperçiligiň ýerine sazçylyk ugruny saýlamaklarynyň dürslügine şübhelenen pursatlaram bolupdyr. Onuň iňlis dili bilen gyzyklanmasyny we mekdepdäki gowy ýetişigini hem bellemek gerek.

Ähtimal, Aýnuryň “döredijilik başlangyjy” içinde sazandalar we bagşylar bolan maşgalasy bilen baglanyşyklydyr. Onuň ejesi Türkmen Milli konserwatoriýasynda işleýär, doganoglanylarynyň köpüsi bolsa sazçylyk mekdeplerinde we konserwatoriýada okaýarlar. Elbetde, Aýnur Otuzowa saz ugrundan bilim almagyny dowam eder, nirede okamalydygyny bolsa öz köňlüne görä karar eder.

Gulýa GELDIÝEWA

Şeýle hem okaň: