Ykdysadyýet
Maýa goýum we hyzmatdaşlyk: TIF-2024 Maslahatynda Ahmet Çalygyñ çykyşynyñ esasy meseleleri
10.09.2024
|16:51
|308
10-njy sentýabrda Türkmenistanyñ Halkara maýa goýum maslahatynda (TIF-2024) "Çalık Holding" dolandyryşyñ başlygy Ahmet Çalyk öz çykyşynda halkara hyzmatdaşlygyñ hem-de ýurduñ ykdysadyýetiniñ esasy ugurlarynyñ ösdürulmegine maýa goýumlary çekmek meselesine aýratyn ähmiýet berdi.
Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty öz işine başlady
10.09.2024
|09:42
|292
Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Türkmen nebit we gaz uniwersiteti hem-de Gruziýanyñ tehniki uniwersiteti göni aragatnaşygy ýola goýýarlar
09.09.2024
|23:41
|424
9-njy sentýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Aşgabat ş.) hem-de Gruziýanyñ tehniki uniwersiteti iki ýokary okuw mekdebiniñ arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnanamy taýýarlamak babatynda onlaýn duşuşygy geçirdiler.
Polşa daşary ýurtlardan gelýän ýük daşalyşlary üçin elektron gözegçiligini girizýär
09.09.2024
|16:04
|409
Polşanyň hökümeti Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlarlardan gelýän ýük daşalyşlary üçin hökmany elektron bellige alnyş ulgamyny girizýär. Bu barada respublikanyň wise-premýeri we Milli goranmak ministri Wladislaw Kosinýak-Kamyş žurnalistlere habar berdi.
TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 10 sany geleşik bellige alyndy
09.09.2024
|12:58
|243
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 10 sany geleşik bellige alyndy.
Owganystan Türkmenistan bilen möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlanýar
09.09.2024
|02:25
|243
Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow 8-nji sentýabrda Owganystanyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ministri Nejipulla Haýat Hakkani bilen duşuşyp, süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasyny döretmek boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy, Owganystanyň teleýaýlymy habar berýär.
Türkmenistan bilen IRU ulag baglanyşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny kesgitlediler
07.09.2024
|19:45
|321
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylyp Aşgabat şäherinde noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar.
Gyrgyzystanyň Milli banky banklara şol wagtyň özünde eltip bermezden edilýän haşaplaşyklary gadagan etdi
07.09.2024
|10:28
|213
Gyrgyzystanyň Milli banky ýerli banklara tölegleri kabul etmegi we respublikanyň çägine haryt iberilmezden şertnamalar boýunça hasaplaşyklary geçirmegi gadagan etdi. Bu düzgün sazlaýjynyň degişli kararyndan gelip çykýar.
Gruziýada CASCA+ mutlimodal ugruny ösdürmek meseleleri boýunça nobatdaky duşuşyk geçirildi
07.09.2024
|07:26
|218
5-6-njy sentýabr aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde CASCA + “Aziýa-Ýuwaş umman sebiti-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal ugruny ösdürmek boýunça Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demirýol dolandyryşyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky altytaraplaýyn duşuşygy geçirildi.
“OPEK +” ýurtlary nebit önümçiligini 2 aý togtadýarlar
06.09.2024
|10:33
|395
“OPEK +”-iň sekiz ýurt, şol sanda Russiýa we Saud Arabystany, nebit önümçiligini iki aý togtatmak we meýletin önümçiligini gündelik 2,2 million barrel (b / d) möçberinde dekabr aýyna çenli uzaltmak kararyna geldi.