Ykdysadyýet
Kipr, Yrak we Hindistan bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
29.09.2024
|01:10
|238
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
"Yug-Neftegaz Private Limited" - "OGT-2024" Halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hyzmatdaşy
28.09.2024
|12:30
|487
«Yug-Neftegaz Private Limited» Aşgabatda 2024-nji ýylyñ 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyñ nebiti we gazy» (OGT-2024) XXIX halkara maslahatynyñ we sergisiniñ kümüş hyzmatdaşy boldy.
Çehiýa öz işewürlerini oktýabr aýynda Aşgabada iberer
27.09.2024
|21:45
|799
Çehiýanyň işewür wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary şu ýylyň oktýabr aýynda meýilleşdirilýär. Bu missiýanyň Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady işjeňligi höweslendirmek üçin ähmiýeti iki ýurduň daşary işler ministrleri – Raşid Meredow we Ýan Lipawski 26-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda bellediler.
OGT-2024: Türkmenistanyň energetika pudagynda üstünligiň formulasy
27.09.2024
|12:10
|410
46 ýurtdan 400-den gowrak halkra wekillerini ýygnan Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatynyň (TIF-2024) üstünlikli geçirilenden soňra, Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) XXIX maslahatyny we sergisini kabul etmäge taýýarlanýar.
Mazari-Şarifdäki Türkmenistanyň Baş konsuly Balhyň gubernatory bilen duşuşdy
27.09.2024
|00:55
|353
Mazari-Şarif şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsuly Bazarbaý Käbäýew Owganystanyň Balh welaýatynyň gubernatory bilen geçirilen duşuşygynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň import edilmegi, iki ýurduň arasyndaky demirýoluň işledilmegi, oňaýly ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we söwdagärler üçin şertleriň döredilmegi iki tarapyň tagallalary bilen ösdürilýändigi barada belledi diýip, Owganystanyň “AVA” agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň RF-ndaky Ilçihanasynda GDA-nyň çägindäki ulag hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
26.09.2024
|13:45
|256
GDA-nyň çäginde ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ulag boýunça utgaşdyryjy maslahatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Gennadiý Bessonowyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Ýewropa, Aziýa we Afrika bilen gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrýar
25.09.2024
|22:40
|387
Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy söwda we ykdysady ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm duşuşyklar üçin meýdança boldy.
Pekinde Durnukly ulag boýunça ählumumy forumy geçirilýär
25.09.2024
|21:50
|487
25-nji sentýabrda Pekinde “Durnukly ulag: dünýäni birleşdirýän logistika” şygary bilen Durnukly ulag boýunça ählumumy forum başlandy. Foruma 26 ýurtdan ulag ministrler we ministrleriniň orunbasarlary derejesinde wekiller gatnaşdy.
Gazagystan 2030-njy ýyla çenli nebitiň gazylyp alnyşyny 100 mln tonna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär
25.09.2024
|15:35
|453
2030-njy ýyla çenli Gazagystan nebitiň gazylyp alnyşyny 100 mln tonna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.
“Demirýollary” AGPJ-niň hünärmenleri “InnoTrans 2024” atly halkara sergisinde demir ýol pudagyndaky täzeçillikleri öwrenýärler
24.09.2024
|19:30
|333
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Berlinde “InnoTrans 2024” atly giň göwrümli halkara ulag sergisi açyldy. Demir ýol puganyň senenamasyndaky möhüm waka hasaplanýan “InnoTrans” sergisine “Demirýollary” AGPJ-niň wekilleri hem gatnaşýarlar.