Wakalar

Niderlandlaryň ilçisi Türkmenistanda işe başlady
28.11.2023
|00:17
|114
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaas Ýakob Shermersden ynanç hatyny kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy alžirli diplomatdan ynanç hatyny kabul etdi
27.11.2023
|23:52
|137
Türkmenistan bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy.

Serdar Berdimuhamedow we ABŞ-nyň ýörite wekili “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek meselelerini maslahatlaşdylar
27.11.2023
|22:34
|148
Öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş maslahatynyň 20-nji mejlisine gatnaşar
27.11.2023
|12:33
|135
Türkmen wekiliýeti saparynyň çäklerinde şeýle hem, Wena şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer.

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Täjigistanda saparda bolýar
27.11.2023
|12:26
|163
Bilelikdäki toparyň mejlisi 26 — 28-nji noýabry aralygynda geçiriler. Taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşarlar.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Türkmenistana geler
27.11.2023
|00:25
|137
Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň birinji wise-premýeri Din Sýuesýan noýabr aýynyň ahyrynda Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlyk toparynyň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler.

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda 60 medal gowşurylar
26.11.2023
|23:30
|137
Şenbe güni, 25-nji noýabrda agşam Aşgabatda 14-nji Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara, Olimpiýa şäherçesiniň çägindäki 5 müň orunlyk Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda boldy.

Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kanunlaryň taslamalaryny kabul etdi
26.11.2023
|14:21
|230
Deputatlar «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi.

Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
26.11.2023
|11:38
|216
26-njy noýabrda Aşgabatda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

SPEKA gatnaşyjy döwletleriň sammitiniň Baku Jarnamasy kabul edildi
25.11.2023
|16:12
|147
Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň platformasy hökmünde SPEKA-nyň eýeleýän ähmiýetli ornuny mundan beýläk-de artdyrmak, bu halkara gurluşyň çäginde yzygiderli gepleşikleri we işleriň netijeli utgaşdyrylmagyny üpjün etjek zerur gurallary döretmek barada ylalaşdylar.