HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý we Russiýa hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň möhledini uzaltdylar

Maý 21, 2026 | 19:28 |3346
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 20-nji maýda Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň möhledini nobatdaky gezek uzaltmak barada ylalaşdylar.

Si Szinpin Pekindäki Halk maslahatlary köşgünde Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Hytaýyň Lideri 25 ýyl ozal Hytaý bilen Russiýanyň Ylalaşyga gol çekmek arkaly, uzak möhletleýin hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň we hemmetaraplaýyn strategik özara hereketiň institusional esaslaryny kanunçylyk derejesinde berkitdiklerini belledi.

Si Szinpin şol wagtdan bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň böküşli ösüşi amala aşyrandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Häzirki wagtda halkara giňişliginde çuňňur özgermeler bolup geçýär we dünýä “jeňňellik kanunyna” gaýtyp gelmek töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, Hytaý döwletiniň Baştutany bildirdi. Ol şeýle şertlerde Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk baradaky Şertnamanyň özüniň öňdebaryjylygyny, ylmy esaslylygyny we işjeňligini ýene bir gezek subut edendigini aýtdy.

Hytaý Ylalaşygynyň möhlediniň mundan beýläk-de uzaldylmagyny goldaýar diýip, Si Szinpin belledi. Şeýle hem ol Hytaýyň Russiýa bilen bilelikde Ylalaşygynyň ruhuna eýermek we biri-birini goldap, hytaý-russiýa strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli öňe sürmek üçin işleşjekdigini aýdyp, sözüniň üstüne goşdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026