HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Putin Pekine saparynyň öňüsyrasynda Hytaýyň raýatlary üçin wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi

Maý 20, 2026 | 09:15 |5716
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin HHR-e resmi saparynyň öňüsyrasynda Hytaýyň raýatlary üçin wideo ýüzlenme bilen çykyş etdiRussiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin HHR-e resmi saparynyň öňüsyrasynda Hytaýyň raýatlary üçin wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi
Çeşme: tass.ru

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin HHR-e resmi saparynyň öňüsyrasynda Hytaýyň raýatlary üçin wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi.

“Hormatly hytaý dostlarynyz, sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn! Men özümiň köp ýyllyk gowy dostum, HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Pekine nobatdaky gezek sapary amala aşyrmaga şatdyryn” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Adatça, Russiýanyň Prezidenti möhüm daşary ýurt saparlarynyň öňüsyrasynda kabul edýän tarapyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine interwýu berýär ýa-da ýerli metbugatda ikitaraplaýyn gatnaşyklara bagyşlanan makalalary çap edýär. Bu gezek Putin wideo görnüşini saýlady. Öz çykyşynda ol iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň görlüp-eşidilmedik derejä ýetendigini nygtady.

“Bu gatnaşyklaryň aýratyn häsiýeti özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ruhunda, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýarlykda, hormat goýýan dialogy alyp barmakda, şeýle hem iki ýurduň düýpli bähbitlerine degişli meselelerde, şol sanda döwlet özygtyýarlylygyny we bitewiligini goramakda birek-birege goldaw bermekde ýüze çykýar” diýip, ol aýtdy.

Putin Russiýa bilen Hytaýyň ähli ugurlarda diýen ýaly gatnaşyklary işjeň ösdürýändigini aýtdy. Şeýle hem, iki ýurduň arasynda wizasyz düzgüniň girizilmegi ýurtlaryň raýatlarynyň arasynda gatnaşyklaryň giňelmegine täze mümkinçilikleri açjakdygyny belledi.

Russiýanyň lideri Russiýa bilen Hytaýyň dostlugynyň “kimdir birine garşy däl-de”, “parahatçylyk we umumy abadançylyk ugrunda” gönükdirilendigini aýratyn nygtady.

Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistlere beren maglumatynda, liderleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň möhüm we duýgur meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýtdy. Şeýle hem, uglewodorod üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026