HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýakyn wagtda Aşgabatda UN-Habitat guramasynyň edarasy açylar

Maý 20, 2026 | 22:55 |15921
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýakyn wagtda UN-Habitat guramasynyň edarasy açylyp bilerTürkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýakyn wagtda UN-Habitat guramasynyň edarasy açylyp biler
Çeşme: açyk çeşmeler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýakyn wagtda UN-Habitat guramasynyň edarasy açylyp biler. Trend agentliginiň habar bermegine görä, bu barada UN-Habitat guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň direktory Irfan Ali WUF13 Bütindünýä şäherler forumynyň çäklerinde geçirilen Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa forumynda aýtdy.

“Hazirki wagtda biziň edaramyz Gündogar Ýewropanyň, Günorta Ýewropanyň, Günbatar Balkanlaryň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Kawkaz ýurtlarynyň we Merkezi Aziýanyň 25 ýurduny öz içine alýar. Häzirki wagtda sebit edaramyz BMG-niň beýleki agentlikleri bilen bilelikde Stambulda ýerleşýär. Bizde eýýäm dört ýurtlaýyn maksatnama bar — Kiýewde, Ukrainada, Moskwada, Kosowoda we Azerbaýjanyň Baku şäherinde. Ýakyn wagtda Türkmenistanda, Aşgabatda hem taslama edarasynyň açylmagyna umyt edýärin” diýip, ol aýtdy.

Ali bu sebitde, aýratyn-da onuň gündogar ýewropa böleginde şäherleşmegiň çalt depginde dowam edýändigini belledi.

“Şeýle-de, sebitiň ähli ýurtlary howanyň üýtgemeginiň netijelerine we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerine sezewar bolýar. Iki ýyl mundan ozal Türkiýede bolan weýran ediji ýer titreme hemmämiz ýadymyzda. Sebitiň köp ýurtlary hem şuňa meňzeş howplara duçar bolýar. Bu ýagdaý bizi durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça has işjeň işlemäge we bu meseläni sebitdäki hyzmatdaşlygymyzda ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlemäge iterýär” diýip, ol aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

22:30 Awgust 27, 2026
Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

22:21 Awgust 27, 2026
«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

22:05 Awgust 27, 2026