HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýada diňe robotlaryň işleýän dünýäniň ilkinji lukmançylyk barlaghanasy açyldy

Maý 20, 2026 | 20:09 |3732
Tokionyň Ylymlar institutynda (Ýaponiýa) ähli işgärleri diňe robotlardan ybarat bolan dünýäniň ilkinji lukmançylyk barlaghanasy açyldyTokionyň Ylymlar institutynda (Ýaponiýa) ähli işgärleri diňe robotlardan ybarat bolan dünýäniň ilkinji lukmançylyk barlaghanasy açyldy
Çeşme: belta.by

Tokionyň Ylymlar institutynda (Ýaponiýa) ähli işgärleri diňe robotlardan ybarat bolan dünýäniň ilkinji lukmançylyk barlaghanasy açyldy. Indi çylşyrymly lukmançylyk synaglaryny öň adamlar ýerine ýetirýän bolsa, olary doly derejede enjamlar amala aşyrýar. Bu barada BELTA habar berdi.

Häzirki wagtda barlaghanada 10 sany awtomatlaşdyrylan “işgär” işleýär. Olaryň arasynda Maholo atly iki elli adamşekilli robot hem bar. Hereketleriniň ýokary takyklygy netijesinde bu enjam örän inçe we jogapkärli işleri üstünlikli ýerine ýetirýär: howply himiki reagentleriň takyk mukdaryny geçirýär, näzik temperatura enjamlary bilen özbaşdak işleýär hem-de adam gatnaşmazdan diri öýjükleri ösdürip ýetişdirýär.

Ýapon alymlary gazananlary bilen çäklenmegi meýilleşdirmeýärler. 2040-njy ýyla çenli mehaniki işgärleriň sanyny 2 müň modele çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Taslamanyň awtorlarynyň esasy maksady lukmançylyk barlaglarynyň ähli tapgyryny doly awtomatlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bilermenleriň pikirine görä, bu işgär ýetmezçiligi meselesini çözmäge hem-de adam faktory sebäpli ýüze çykýan ýalňyşlyklary doly aradan aýyrmaga kömek eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026