HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýer tiz wagtdan Günden iň uzak aralyga düşer

Maý 19, 2026 | 22:15 |4213
Öz orbitasy boýunça hereket edýän Ýer 2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda agşam Günden iň uzak aralyga düşer diýipÖz orbitasy boýunça hereket edýän Ýer 2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda agşam Günden iň uzak aralyga düşer diýip
Çeşme: açyk çeşmeler

Öz orbitasy boýunça hereket edýän Ýer 2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda agşam Günden iň uzak aralyga düşer diýip, Zakon.kz habar berýär.

Bu barada Russiýanyň W.W. Tereşkowa adyndaky Ýaroslawl medeni-bilim merkeziniň usulyýet we bilim bölüminiň müdiri Olesýa Romenskaýa gürrüň berdi.

“Bilşimiz ýaly, Ýer tegelek däl-de, ellips görnüşindäki orbitada hereket edýär. Ýer 6-njy iýulda Moskwa wagty bilen sagat 21:00-da öz orbitasynyň iň uzak nokady bolan afeliden geçer. Güne çenli aralyk 152,1 million kilometre deň bolar. Muny ýanwar aýy bilen deňeşdiriň — şol wagt Ýer perigeýden, ýagny orbitasynyň Güne iň ýakyn nokadyndan geçipdi. Bu 2-nji ýanwarda gijäniň sagat 01:00-da bolupdy we Güne çenli aralyk 147,1 million kilometrdi” diýip, Romenskaýa RIA Nowosti agentligine aýtdy.

Ol eger planetanyň aýlanma okunyň gyşarmasy bolmadyk bolsa, ýylyň pasyllarynyň hem bolmajakdygyny, Ýeriň ýylyň dowamynda birmeňzeş yşyklandyryljakdygyny ýatlatdy.

“Planetariniň lektory hökmünde diňleýjiler bilen gürrüňdeş bolanymda, hatda uly ýaşly adamlar üçin hem pasyllaryň üýtgemeginiň Ýer bilen Günüň arasyndaky aralygyň üýtgemegi bilen bagly däldigi garaşylmadyk açyş bolýar. Adamlar gyşda däl-de, tomsuň ortasynda Ýeriň Günden iň uzakda ýerleşýändigine geň galýarlar” diýip, astronom belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026