HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň günbatarynda Eýfel diňiniň nusgasy gurlar

Maý 19, 2026 | 22:10 |4121
Günbatar-Gazagystan welaýatynyň obalarynyň birinde meşhur Eýfel diňiniň nusgasy peýda bolar. Ony ýerli mekdebiň uçurymlary gurmagy karar etdilerGünbatar-Gazagystan welaýatynyň obalarynyň birinde meşhur Eýfel diňiniň nusgasy peýda bolar. Ony ýerli mekdebiň uçurymlary gurmagy karar etdiler
Çeşme: mail.ru

Günbatar-Gazagystan welaýatynyň obalarynyň birinde meşhur Eýfel diňiniň nusgasy peýda bolar. Ony ýerli mekdebiň uçurymlary gurmagy karar etdiler.

NUR.kz-iň maglumatyna görä, Günbatar-Gazagystan welaýatynyň Žalpaktal obasynyň ýaşaýjylary Fransiýa birneme ýakyn bolmak üçin obada Eýfel diňiniň nusgasyny gurmagy meýilleşdirýärler. Boýy 30 metre ýetjek bu gurluşygy obanyň mekdebiniň uçurymlary sowgat hökmünde gurarlar.

Mälim bolşuna görä, bu obada 10 ýyldan gowrak mundan ozal gyzykly bir däp emele gelipdir. Mekdebi tamamlanyna ýubileý ýyly dolýan uçurymlar her ýylyň 25-nji maýa oba uly sowgat taýýarlaýarlar. Şu ýyllaryň dowamynda olar birnäçe seýilgähleri, çagalar meýdançalaryny, heýkelleri we çüwdürimleri gurupdyrlar. Bu gezek bolsa dünýäniň iň meşhur diňleriniň birine ýüzlendiler.

“Elbetde, adamlaryň pikirleri bölündi. Sosial torlardaky käbir ulanyjylar welaýat merkezinden 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän oba üçin ýollary abatlamak ýaly has peýdaly taslamalaryň zerurdygyny aýdýarlar. Beýlekiler bolsa, diň bolmadyk ýagdaýynda bu oba barada bütin Gazagystanda gürrüň edilmezdi diýip hasap edýärler” diýip, Nur.kz ýerli metbugatyň teswirlerini getirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026